Onlaýn töleg üçin maglumatlary giriziň

Satyn alynan abonementin tölegi yzyna gaytarylyp berilmeýär!!!
После оплаты абонемента деньги обратно не возвращаются!!!

Wagt:
Jemi: TMT

Köp soralýan soraglar

💧
01

Näçe ýaşdan soň suwda özbaşdak (tälimçisiz) ýüzmeklige rugsat berilýär?

- Tälimçileriň 16 ýaşy dolan raýatlarymyzyň özbaşdak ýüzüp bilýändigine doly göz ýetiren soňra raýatlarymyzyň öz islegine görä tälimçisiz özbaşdak ýüzmekligine rugsat berilýär. Şol wagta çenli olar tälimçileriň garamagynda we jogapkärçiliginde bolýarlar.
12.02.2026
02

Sizde bir gezekleýin ýüzülýän howuzlar barmy?

- Elbetde Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumynda diňe bir aýlyk abonimentli gatnalynýan howuzlar bilen çäklenmän,eýsem-de bir gezekleýin (sagatlaýyn) ýüzülýän howuzlarmyz hem bardyr.
12.02.2026
03

Näme üçin ýüzülýän howuza girmezden ozal hökmany ýuwunmaly?

- Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň standartlaryna laýyklykda, ähli myhmanlar suw geýimi geýmezden howuza girmezden öň sabyn bilen ýuwunmak ýaly arassaçylyk talaplaryna eýermelidirler. Bu ter, hapa, öli deri öýjüklerini, ýüz makiýažyny we ş.m. aýyrmak üçin zerurdyr. Howuza girmezden öň atyr ulanmak maslahat berilmeýär, sebäbi atyrlar suwda aňsat ereýär we dezinfeksiýa serişdeleri bilen utgaşdyrylanda allergiýa döredip biler. SanPiN standartlaryna laýyklykda, ähli howuz myhmanlary, şol sanda saçsyz çagalar we erkekler üçin suw başgaplaryny geýmek hökmanydyr.
12.02.2026
04

Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumyna suwda ýüzmäge geleniňde ýanyňda näme zatlar bolmaly?

- Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumy tarapyndan berilen öz şahsy kartoçkaňyz;
- Suwda ýüzmek üçin ýanyňyz bilen şu zatlary getiriň: çalşyrylýan aýakgaplar (şypbyklar), suwda ýüzmeklik üçin niýetlenen ýörite geýimler (plawka/kupalnik) we suw başgaplary (şapoçka), suw gözlükleri(açgi), sabyn we plotensa.Suwda ýüzmeklige ýaňy gatnap başlanlara bolsa hökmany ele dakylýan balonlary bolmaly.
12.02.2026
05

Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumyna suwda ýüzmeklige 1 aýlyk abonimentine ýazylmak üçin çagalara nähili resminamalar gerek?

- Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumyna suwda ýüzmeklige 1 aýlyk abonimentine ýazylmak üçin çagalara onuň:
- Ene-atalaryň biriniň pasportynyň göçürmesi;
- Çaganyň dogluş şahadatnamasynyň göçürmesi;
- Dermatologiki dispanserden saglyk kepilnama;
- 3×4 ölçegdäki 2 sany surat;
- Maşgala lukmandan ýüzmek üçin rugsat kepilnamasy.
12.02.2026
06

Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumyna suwda ýüzmeklige ýazylmak üçin uly adamlara nähili resminamalar gerek?

- Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumyna suwda ýüzmeklige 1 aýlyk abonimentine ýazylmak üçin uly adamlara onuň:
- pasportynyň nusgasy;
- Dermatologiki dispanserden saglyk kepilnama;
- 3×4 ölçegdäki 2 sany surat;
- Maşgala lukmandan ýüzmek üçin rugsat kepilnamasy.
12.02.2026